
Türkmenler köneden gelýän yryma görä gelin almak, uzak ýola çykmak, jaýyň düýbüni tutmak we ş.m. ähemiýetli bolan işlerini SÄHETLI güne goýupdyrlar.
Sähetli günde ugralýan tarapda, ýerde ýa-da asmanda ÝYLDYZ ýokdur.
Şeýle bolsa, ýyldyz nirede? Ol nähili hasap edilipdir?
Ýyldyz her bir Hijiri-Kamary (türkmen) aýynyň:
1, 11, 21 -günlerinde— gündogarda (ýokarda ) bolýar.
2, 12, 22 -günlerinde— günorta-gündogarda (guşlukda) bolýar.
3, 13, 23 -günlerinde— günortada (ilerde) bolýar.
4, 14, 24 -günlerinde— günorta-günbatarda (kyblada) bolýar.
5, 15, 25 -günlerinde— günbatarda (aşakda ) bolýar.
6, 16, 26 -günlerinde— demirgazyk-günbatarda bolýar.
7, 17, 27 -günlerinde— demirgazykda (gaýrada ) bolýar.
8, 18, 28 -günlerinde— demirgazyk- gündogarda bolýar.
9, 19, 29 -günlerinde— ýerde bolýar.
10, 20, 30 -günlerinde— asmanda bolýar.
—————————————————-
Görkezgijiň alnan ýeri: “Türkmen folklory”, – Dr. Mehmet Kylyç