قالب وردپرس

July 12, 2020

ÝYL BAŞY “SYÇAN”

ÝYL BAŞY “SYÇAN”

2020-nji ýyl “syçan” ýyly bolup, täze bir müçäniň başlangyjydyr.

 

Müçe ýyllarynyň syçan ady bilen başlanmagy hakda halk arasynda şeýle bir rowaýat bar: Gadym zamanlarda haýwanlaryň arasynda:”Kim öňürti ýyly görse, şonuň ady ýyl atlarynyň birinjisi bolmaly” diýen şert goýlanmyş. Bu şerti düýe eşidip:” Men haýwanlaryň hemmesinden uly, şonuň üçin ýyly ilki men görerin, meniň adym bolsa hökman ýyl atlarynyň birinjisi bolar”- diýip, ulumsylyk bilen öwnenmiş. Emma ýylyň görünmeli wagty golaýlanda, syçan düýäniň örküjine çykyp, ýyly düýeden öňürti görenmiş. Şeýlelikde, ýyl atlarynyň birinjisine syçanyň ady dakylanmyş. Syçanyň bu eden işine düýäniň gahary gelip, syçana topulýar, syçan bolsa gaçyp, guma (küle) girip gizlenýär, düýe ony mynjyratmak üçin, külüň üstüne çöküp agynýar. Heniz hem düýäniň kül görse çöküp agynmagy – şol syçandan aryny aljak bolup ýörşümişin…

 

Halk arasynda:”Düýe boýuna buýsanyp, ýyldan kör galypdyr” diýen nakyl hem döräpdir.

—————-

Türkmen Diliniň Sözlügi- Aşgabat 1962

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: