قالب وردپرس

September 21, 2019

ÝOKARDA ÜLKER, TELPEGIN SILKER

ÝOKARDA ÜLKER, TELPEGIN SILKER

ÝOKARDA ÜLKER, TELPEGIN SILKER

 

Ülker, pytraň bir görnüşde Boga (Öküz) toparynda ýerleşen ýyldyz toplumydyr.

Ol Juli aýynyň başyndan Apriliň aýagyna çenli demirgazyk tarapda görünýär.

 

Ülkeriň käbir atlary: Ülker – Süreyya (türkçe), الثریا -Assorayya (arapça), پروین  – Parwin (parsça), Plejaden (almança), Pleiades (iňglisçe), M45 we ş.m

 

Ynsan Ülker ýyldyz toplumyny örän ir wagtlarda belläpdir we ol hakda dürli hekaýalar döredipdir. Ýazuwda ol ilkinji bolup sumer hatynda agzalypdyr.

 

500 töweregi ýyldyzdan ybarat bolan bu toplumdan, gögüň açyklygyna görä ýönekeý göz bilen 6-9 sany has ýagty ýyldyzlaryny görse bolýar. Şonuň üçin hem onuň sany 6-7-8-9 diýlip üýtgäp durýar.

 

Türkmen halk döredijiliginde hem Ülkeriň ady ýeterli agzalýar:

 

-Ýokarda Ülker,

-Telpegin silker,

-Jana-jan ýarym,

-Gelmäge gorkar. (Türkmen monjugatdylaryndan)

 

-Biz-ä bizdik,

-Alty gyzdyk,

-Bir sapaga düzüldik,

-Daň atanda üzüldik. (Ülker ýyldyzlary-türkmen matallaryndan)

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: