قالب وردپرس

November 12, 2019

Ynsan Haklary 70 ýaşady

Ynsan Haklary 70 ýaşady

Ynsan Haklary 70 ýaşady

 

1948-nji ýylyň 10-njy Dezember güni Birleşen Milletler Gurmasy Ynsan Haklarynyň Umumy Beýannamasyny kabul etdi. Jemi 30 maddadan ybarat bolan bu beýannama şeýle başalnýar:

1-nji madda: “ Hemme ynsanlar erkin we hukuk hem mertebe taýdan des-deň dogýarlar.”

Bu baýannamada her bir ynsanyň niredendigine,reňkine, jynsyna, ynançlaryna, diline we dinine garamazdan, eýe bolan hukugy açyklanýar.

Ynsan Haklary şondan üç ýyl öň gutaran, ähli ynsany we onuň mertebesini çagşadyp, gana çaýkan ikinji jahanlyk urşundan alnan sapaklar hökmünde ýüze çykdy.

Bu dokumentiň döwletler üçin ündew hökmünde bolup, borçlandyryjy hasiýeti bolmasa-da, Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan döwletleriň bu hukuk ýazgysyna gol çekip, olary amala aşyrmak ugrunda talaş etmegi boýun alandyklary aýdyň faktdyr.

Baýannamada getirilen haklarymyzy doly öwrenip, özleşdirmek bolsa biziň (her birimiziň) gijikdirilmez we hökmany borjumyz bolup durýar.

 

Surat: Beýannamaň ugrunda talaş eden Eleanor Roosevelt (1949-njy ýylda)

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: