قالب وردپرس

October 25, 2020

ÝENISEÝ ÝAZGYLARY

ÝENISEÝ ÝAZGYLARY

“Ruhnama” kitabynda şeýle ýazylýar: ”1889-njy ýylda Günbatar Sibirde Orhon derýasynyň akymynda, ýüzünde taryhy ýazgyly daşlar tapylýar.”

Biz Orhon derýasynyň Mogolystanda bolandygyny öň aýdypdyk. Günbatar Sibirde bolsa,  Ýeniseý derýasynyň boýunda, Orhon elipbiýinde ýazylan daşlar tapylypdyr. Şonuň üçin köplenç mazar daşlaryna we käbiri gaýa daşlaryna ýazylan bu hatlara ÝENISEÝ ÝAZGYLARY diýilýär. Tapylan 158 sany daşyň ýüzünde dünýäden doýmany öten adamlaryň ykbaly ýa-da olaryň yzynda galan maşgalasyna bolan sözleri birnäçe gysga sözde ýa-da sözlemde ýazylypdyr.

Orhon ýazgylarynyň syry çözülip okalandan soň Ýeniseý ýazgylaryny okamak hem mümkin boldy. Oguz dilinde bolan Orhon ýazgylary 8-nji asyra degişli bolsa, Gyrgyz diline ýakyn Ýeniseý ýazgylarynyň 6-njy asyrdan galandyklary kabul edilýär.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: