
Settar Sowgy
Ýekelikde
Ýekelikde ýaşaýaryn.
Ýaşaýyş
Pitne ýok, —–görip ýok, ———-galp ýok ýerde.
Şular bilen dem alýaryn başa-baş.
Dert ýok, —–gaýgy ýok, ———-garyp ýok ýerde.
Gijesi, gündizi şatlyk-şagalaň.
Reňkleri miwe ýaly çagalaň.
Pikirinde hyýalynda adamlaň,
Bergi ýok, —-algy ýok, ———-ogry ýok ýerde.
Arzuwlaň barynyň reňki ýaşyl.
Maksatlaň köpüsi bolýanmyş hasyl.
Ertirin gujaklap, ýatýanmyş nesil,
Gara ýok, —–sary ýok, ———-gündiz ak ýerde.
Hyýalymda ýaşaýaryn ýeke-täk.
Ýer ýüzünde aýdýan arzuwlarym ýok.
Bar-da bolsa bardyr,
Ýokardan aşak.
Aralarda, —–diwar perde, ———-ýok ýerde.