
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügine görä: ÝAZ [ýa:z], at. 1. Gyşdan soň gelip, mart, aprel, maý aýlaryny öz içine alýan ýyl pasly, bahar. We…
Türkmen diliniň sözköki sözlügi: Ýaz : [Ýa:z] – << Bahar>> manysyndaky ýa:z sözi ýaýmak işliginiň ýaý köki bilen asyldaş bolup, gyş öýünden çykyp, ýazylyp-ýaýylyp ýaşalýan möwsümi aňladýar. .. Altaý dilinde häzirem ýaza ýaý diýilýär. Bu söz gadymy türki Orhon-Ýeniseý ýazuw ýadygärliklerinde-de (VII-VIII asyrlar) ýaý şekilinde ulanylypdyr.
Türk, Azerbaýjan we Özbek sözlüklerinde, şeýle-de Dr. Rasekhyň Türkmen-Däri (Pars) sözlüginde Ýaz : Tomus manysynda gelýär. Bularda Ýaz ýerine Bahar sözi ýazylypdyr.
Tomus sözüne meňzeş bolan –Temmuz- türkçede Juli aýynyň adydyr.
Hormatly alym Begmyrat Gereýiň Türkmenler-Sümerliler atly kitabynda ýazyşyna görä Tomus manysynda bolan DUMUZI sümer sözi hasyl hem bereket taňrysy ýaz möwsümidir.