
“Ýaş ýazyjylar üçin”
Ýaz ogul,
Ýaz,
“Ýazylmaly şular” diýänleriňi,
Akylyňdan geçen,
Ýüregiňi ýakanlary,
Duýgularyňy tolkundyran,
Ýa hezil beren,
Ganat bolup asmanlara uçuran,
Ýa-da ýaş bolup gözleriňden akanlary,
Geldi-geçdi diýmäni,
Ýaz ogul,
Ýaz!
Gaz ogul,
Gaz!
Gury çölde,
Suw diýip sermenen bir biçäräň gazyşy ýaly,
Gaz,
Sünnetleriň,
Däpleriň,
Könelmeýän atanakyllaryň içini!
Çykar içlerindäki işe ýaraýanlary.
Biziňkidir ogul
Şolardaky ynsanlygy söýen,
Zulum zynjyrlaryny gyryp
Azatlyk diýen
Näme bar bolsa…
Biziňkidir balam
Şolarda ýatan,
Suw ýaly, çörek ýaly,
Aldygymyz nefes kimin,
Aşyk bir ýürek ýaly
Gerek bolan ynsanlyk.
Ýyk,
Könäni, çüýrüýeni düýbünden!
Gör esas derdini halkyň!
Aralarynda gez.
Ýaz ogul,
Ýaz
“Ýazylmaly şular” diýänleriňi,
Ýöne bar-a,
Ýazaňda-da çykarma aklyňdan şuny,
Baglydyr bir-birine ynsanyň her güni.
Ynsany ynsana ynsança
Taryp eder bolsaň,
Düýnüni bil,
Bu gününi ýaşa,
Ertirini gör…
Ýaz şoňa görä ogul,
Ýaz!
Hekim Behrami
1983-nji ýyl