قالب وردپرس

September 21, 2019

ÝAŇYLTMAÇLAR

ÝAŇYLTMAÇLAR

Türkmen halk döredijiliginden (folkloryndan): ÝAŇYLTMAÇLAR

Ýaňyltmaçlar-hem halk döredijiliginiň şahyrana ugurlarynyň biridir.

Ýaňyltmaçlar köplenç dilewar adamlar tarapyndan döredilýär we çagalar hem ýerine ýetirýär. Ýaňyltmaçlaryň ady “ýalňyşmak” işliginden gelip çykypdyr. Olar esasan iki maksat: 1- Çalt aýtmak netijesinde dili ýençdirip, dogry geplemegi öwretmek; 2- Ýaňyltmajy aýdýan adam sözi ýalňyş aýtsa ýa-da sözlemleri bulaşdyrsa, gülki döredip, gülüşmek üçin ulanylýar.

Ýaňyltmajy dogry we düşnükli aýtmagy başarmak netijesinde, çaganyñ dili arassa hem düşnükli geplemäge türgenleşýär.

 

Köp ulanylýan ýaňyltmaçlaryň birnäçesi:

– At özüni sakyrtgalatmazak bolar.

– Birje çemçe şorja serçe çorbasy.

– Bu jöwen tokmaklanan jöwenmi ýa-da tokmaklanmadyk jöwenmi?

– Gara goýun gumda gumalaklamazmyş, gumalagyn tomzaklar togalaklamazmyş.

– Ilerden bir goç gelýär, sag şahyn sol taşlap, sol şahyn sag taşlap.

– Sary sygryň sag şahy çep şahyna, çep şahy sag şahyna.

– Ýaş pişigiň aýagyna ýaşyl ýüpek ýarmaşmazak bolarmyş, ýarmaşsa-da çyrmaşmazak bolarmyş.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: