Oktober 16, 2021

Ýalkymly Zöhräniň türkmen atlary

Ýalkymly Zöhräniň türkmen atlary

 

“Dogdy asmanyň Zöhresi,

Çyn aşyga döwran bu gün. …”  Pyragy

 

Zöhre ýyldyzy aslynda Gün sisteminde, Günden uzaklygy boýunça, ikinji orunda durýan Wenus (Venus) planetiniň arapça adydyr.

 

Zöhre Ýere iň ýakyn planet (türk dilinde: gezegen) bolmagy bilen, Günden we Aýdan soň, Ýer asmanynda iň ýagty ýyldyz bolup görünýär.

 

Bu gezegeniň dürli atlary, onuň adamlaryň işi we ýaşaýşy bilen baglanyşykly wagt we ugur bellemeklerinde örän ähemiýetli bolandygyny görkezýär.

 

Zöhre, Ýere bolan ornuna görä, günde iki gezek dogýar we ýaşýar.

 

Türkmen dilinde daňdan dogýan Zöhrä Daňýyldyz ýa-da Daňlak diýilse, oňa ilkagşam günortada dogup, gysgajyk wagtdan soň günorta-günbatarda ýaşýan wagtynda Ömrüzaýa diýilipdir.

 

Türk wikipediýasynyň ýazyşyna görä Çopan ýyldyzy hem Zöhräniň bir adydyr.

 

 

About The Author

Related posts

Leave a Reply

Deine E-Mail-Adresse wird nicht veröffentlicht. Erforderliche Felder sind mit * markiert.