
Eýýäm güneş batypdyr,
Aý-da agyl atypdyr,
Garagolja Serdarym,
Süýji uka batypdyr.
…
Jahyllygyň ýaşynda,
Yşk gaýnar döşünde,
Obamyzyň gyzlary,
Seni görer düýşünde.
Ýaryň geler ýanyňa,
Eneň geler zaryňa,
Sen maňa az bakarsyň,
Köp bakarsyň ýaryňa.
…
Daş oba düşse ýoluň,
Gyş bolsa sagy-soluň,
Ilki eneň ýat eder,
Onsoň ýatlar aýalyň.
…
Kim serer kak-gurduny,
Kim söýer halk merdini,
Derdiňi men götärin,
Sen göter il derdini.
…
Bu dünýe ýogy-barym,
Bar myradym, mydarym,
Kötel ýollaň külpetin,
Soň bilersiň, Serdarym!
————–
Gurbannazar Ezizow (Gysgaldylyp alyndy)
Surat: Körpeler üçin sanawaçlar kitapçasyndan