Oktober 16, 2021

“Tumagaly humaý kimin”, näme kimin?

Türkmen Diliniň Düşündirişli Sözlügine görä,

Tomaga¹: Täze tutulan aw guşunyň kellesine ol tä eldeki bolýança geýdirilýän gaýyş gap.

Şeýlelikde tomagaly (ýa-da tumagaly) kellesine tomaga geýdirilen diýmekdir.

Aşyk Garyp bolsa, başy örtgüli Şasenem ýaryny tomagaly humaý guşuna meňzeden bolmaly:

“On dördi gije aý kimin,
Tumagaly humaý kimin,
Egri gaşlary ýaý kimin,
Gelir sallana-sallana. “

—————
1- Şasenem-Garyp kitabynda Tumaga ýazylypdyr.

About The Author

Related posts

Leave a Reply

Deine E-Mail-Adresse wird nicht veröffentlicht. Erforderliche Felder sind mit * markiert.