قالب وردپرس

September 21, 2019

TÜRKMENSAHRA ALADALY GÜNLERDE

TÜRKMENSAHRA ALADALY GÜNLERDE

TÜRKMENSAHRA ALADALY GÜNLERDE

 

Gelýän habarlara görä Türkmensahra gaty we agyr günleri başdan geçirýär. Ençeme günläp örän güýçli we dartgynly ýagynyň yzy kesilmän ýagmagy, şeýle-de ýokarda bolan Horasan daglaryndan çen-çaksyz göwrümli suwuň Hazar deňzine tarap inmegi, tutuş Türkmensahrany äpet bir sile batyrdy. Beýle bir waka türkmeniň soňky nesilleriniň görüp-eşiden zady däldir.

Elbetde bilimsizlik bilen ýersiz- ýere gurlan bentleriň suwunuň aşmagy we sil içinde çäresiz galan halka ýardam etmäge jogapkär organlaryň başarnyksyzlygy hem bu weýrançylygyň üstüni ýetirendir diýip düşünse bolar.

Bu başagaýlygyň şükürli bir tarapy, onuň adam demine degmedigidir.

Biz şeýle agyr günlerde bütin Türkmensahra halky bilen öz içgin duýgudaşlygymyzy bildirip, bu aladaly günleriň soňy haýyrly we düýbi düz bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

Türkmen Kultur Ojagy

Köln, 21.03.2019

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: