قالب وردپرس

February 22, 2020

TÜRKMENIŇ GÖRÜŞMESINDEN

TÜRKMENIŇ  GÖRÜŞMESINDEN

TÜRKMENIŇ  GÖRÜŞMESINDEN

 

Salawmaleýkim!———- Äleýkimessalam!

———-

Öýe, toýa we ş.m.  adam (myhman) gelende:

Hoş geldiňiz!———- Hoş gördük!

———-

Türkmen ýolagçyny ýola salanda:

Ýoluň ak bolsun, göwnüň päk bolsun,

Ýoldaşyň hak bolsun, duşmanyň ýok bolsun!

———-

Işläp duran ýa-da umuman işleýän adama:

Arma (Armaň)!———- Bar bol! (Bar boluň!)

———-

Ýer ekýan daýhana aýdylýan söz:

Tohumyň müňlesin!———- Aýdanyň gelsin!

———

Harman alnan wagty, daýhana aýdylýan söz:

Harmanyňa bereket!———- Ömrüňe bereket!

———–

Aw awlap ýören adama aýdylýan söz:

Aw ganlymy, janly?

Aw ganly bol-a! (Awuň şowuna düşsün, awuň şowly bolsun!)

 

Aw ganly! Aw oňdy, aw şowly.

Aw janly! Aw oňmady, aw şowly däl.

—————

Toýda görüşeýli, toýda duşuşaýly, toý ýerinde hoşlaşylanda aýdylýan arzuw.

Ýas ýerinde, indi şeýle ýerde duşuşmaly bolmasyn! diýen manyda ulanylýan hoşniýetli arzuw.

 

 

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: