قالب وردپرس

October 25, 2020

TÜRKMEN SÖZÜMI ÝA DÄL?

TÜRKMEN SÖZÜMI ÝA DÄL?

SÖZÜŇ BAŞYNDA WE BEÝLEKI ÝERLERDE /F/ SESI

Bu ses türkmençe sözleriň başynda görünmez. Türkmen sözleriniň başga ýerlerinde bolsa diňe üflemek, tüflemek, çüflemek ýaly tebigy seslerde ulanylýar. Türkmen edebi dilindäki türkmençe sözlerde bu ses ýokdur. Türkmen dilinde arap we pars dillerinden alnan sözlerdäki /f/ sesi, umuman, /p/ sesine öwrülýär: parsça fereşte > peri:şde, färma:n > perman’ arapça fa:ni: > pa:ny, fa:’ide > peýda we ş.m. mysallarda bolşy ýaly. Türkmen dilinde sözüň başynda /f/ sesi diňe rusçadan alnan sözlerde gabat gelýär. Arapçadan alnan käbir sözlerde ortada /f/ sesi saklanypdyr: gaflat we ifla:s > üflas. Türkmen edebi dilinde ulanylýan /p/ sesi eger iki çekimli sesiň arasynda galan bolsa ýa-da /r/ harpyndan öň gelse, ýomut dialektinde /f/ sesine öwrülýär: tapar > tafar, depe > defe, köpri > köfri, körpe > körfe ýaly. Gadymy türkmen tekstlerinde, ylaýta-da çagataý tekstlerinde toprak, ýaprak ýaly sözler tofrak, ýafrak görnüşinde ýazylypdyr. ——————————–

SÖZ KÖKÜMIZ – ÖZ KÖKÜMIZ kitabyndan gysgaldylyp alyndy

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: