قالب وردپرس

November 12, 2019

TÜRKMEN SÖZLERINIŇ BAŞLANGYÇ HARPY (2)

TÜRKMEN SÖZLERINIŇ BAŞLANGYÇ HARPY (2)

TÜRKMEN SÖZLERINIŇ BAŞLANGYÇ HARPY (2)

 

Biziň ene dilimiziň owazly we jana ýakymly bolmagynyň esasy sebäbi onuň çekimli seslere baý bolmagyndadyr. Arap hatynda bolsa çekimli sesleri görkezýän harp ýokdur. Bu hatda çekimli sesler, çekimsiz harplaryň dört töweregine goýulýan çyzgylar bilen görkezilýär. Şeýle bolsa, “sözüň başlanýan ýerinde (entek hiç bir çekimsiziň ýok ýerinde) bu çyzgylary nirede goýmak bolar?” diýen sorag orta gelýär. Bu soragyň jogaby ELIP (الف  ) harpydyr.   Elip harpy sessiz we häsiýetsiz bir harp hökmünde, beýleki geljek harplar üçin ýer saklaýan bir sakçydyr. (Mathematikda variable kimin).

Arap hatynda (geň galsak-da), biziň bütin 9 sany gözel çekimli seslerimiz bilen başlanýan sözler elip bilen başlanmaly bolýar. ( Degişme: Bu meýdanda elibiň garşysynda göreşe çykjak pälwan tapylmaz!).

Şeýle bir giriş sözlerden soň, esasy temamyza öwrülsek, biz bu gezek Afganistanly türkmen alymy professor Mohammad Salih Rasekh Ýyldyrymyň arap hatynda düzen türkmen-dary (pars) sözlügini gözden geçirdik.¹

Bu sözlügiň bütin 606 sahypasynyň iň uly bölümleri Elip, G² we S³ harplaryna degişlidir.

1- Elip… 97 sahypa (16% ),  2- G… 77 sahypa (12.7%  ), 3- S… 51 sahypa (8.4 % )

 

Görşümiz ýaly, arap hatyna mahsus bolan Elip harpyny gyrada goýsak, G we S harplarynyň göwrümi, bu iki düýpgöter tapawutly ýazuwda, deň bolup durýar.

—————–

1-Farhange Rasekh, Mazare Şarif, 1388 h. ş. (2009 ý.)

2- Biz  { گ ،غ ،ق }  harplary G harpy hökmünde bir ýere topladyk.

3- Arap hatynda üç tüýsli S bar. Biz olary bir ýere topladyk.

 

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: