
TÜRKMEN SÖZLERINIŇ BAŞLANGYÇ HARPY (1)
“Türkmen sözleri köplenç haýsy harp bilen başlanýar?” – diýen soragyň jogaby, birinji ýerde ene dilimiziň haýsy hatda, latyn ýa-da arap hatynda ýazylmagy bilen göni baglanyşyklydyr.
Biz bu meselä ilkinji bir giriş hökmünde, ýaňky soragyň jogabyny araşdyryp, latyn we arap hatlarynda düzülen türkmen sözlüklere syn etdik.
2016-njy ýylda Aşgabatda çap bolan iki jiltli Türkmen Diliniň Düşündirişli Sözlügine seretsek, onuň bütin 1209 sahypasynyň iň uly bölümleri G, S we D harplaryna degişlidir.
1- G … 158 sahypa (13,1% ), 2- S… 101 sahypa (8,35 % ) 3- D… 95 sahypa (7,9 % )
Görşümiz ýaly latyn ýazuwynda beýleki harplara görä açyk bir ara bilen, G harpy türkmen söňzleriniň başynda iň köp ýazylýan harpdyr.
Elbetde muňa çekimsiz G harpynyň ýazuw düzgini hem öz täsirini ýetirýär.
G harpy dört sany ses üçin ulanylýar:
1- yzky kentlewük zarply g sesi üçin: gara, goýy, guzy, tokga;
2- ortaky kentlewük zarply g sesi üçin: göz, geýim, geçi;
3- yzky kentlewük süýkeş g sesi üçin: agyz, çaga, aga, tyg;
4- ortaky kentlewük süýkeş g sesi üçin: ýegen, düzgün, özge, çigit, degirmen.
Munda 1-nji we 2-nji setirde gelen G harpy sözüň başynda ýazylsa, 3-nji we 4-nji setirde gelenler sözüň ortasynda ýa-da soňunda ýazylýarlar.
(Ikinji bölümde biz arap hatynyň aýratynlyklaryna serederis.)