قالب وردپرس

November 27, 2020

Türkmen Kultur Ojagynyň gutlagy- Maý 2019

Türkmen Kultur Ojagynyň gutlagy- Maý 2019

„ SÖZLÄR MAGTYMGULY DILI TÜRKMENIŇ “

Hormatly ildeşler,

Gadyrdan dostlar,

18-nji asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň ýyldönümini Türkmen Kultur Ojagynyň adyndan Size we dil-edebiýatymyzyň ähli howandarlaryna tüýs ýürekden gutlaýarys.

Magtymguly Pyragynyň “Jemşidiň jamyna” meňzedilen goşgular diwany türkmen halkynyň edebiýat äleminde  çeper ussatlyk bilen dokalan nepis bir halydyr.  Çitimleri türkmen sözlerinden bolan we nagyşlary şahyryň iň inçe duýgularyndan salnan bu geň halynyň göl we gölçelerinde 18-nji asyr türkmen halkynyň ýaşaýyş şertlerini, oňa geçmişden galan medeni mirasy we geljege bolan umyt-arzuwlaryny görse bolýar. Pyragyň öz sözleri bilen aýtsak:”Tile gelen sözler köňül nagşydyr.”

Magtymguly atamyz türkmen edebiýatyny başga dilleriň gullugyndan boşadyp, türkmen dilini ösen we çeper bir edebi dil derejesine ýetirdi. Ol örän ýiti bir öňdegörüjilik bilen, entek bütin we bitewi ýaşap ýören halkynyň milli bähbitlerini goramak üçin, milli bir döwletiň gereklidigini we onuň bolmadyk ýagdaýynda nähili bir güne garaşmalydygyny aýtdy hem ýazdy:

“Hor galmasyn puştdan puşdum,  ——-Berkarar döwlet islärin.”

Hem-de:

“Bir- birini çapmak ermes ärlikden, —-Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden,

Agzalalyk aýrar ili dirlikden, —–Munda döwlet dönüp, duşmana gelgeý.”

Gynansak hem, halk köpçüligi bu sözleri duýup- düşünse-de, olary maddy durmuşa geçirip biljek bir güýç tapylmady.

Pyragynyň çeper döredijilgi täze bir edebi mekdebe öwrülip, öz ösüş prosesinde türkmen edebiýatynyň ýene ençeme uly klassyklerini ýetişdirip, dünýä belli taryhçylaryň we edebiýatçylaryň arasynda hem özüne laýyk orny eýeledi. Muňa mysal hökmünde aýtsak, galamy ömürboýy hakykatyň gullugynda çalşan çeper türk şahyry Nazym Hikmetden şeýle sözler bar:

“Aslynda, Magtymguly meniň hem şahyrymdyr. Men şahyr hökmünde Magtymguludan köp zatlary öwrenýärin. Magtymguly meniň-de atamdyr, ussadymdyr. Ol maňa we meniň bilen birlikde şu ýerde bolan ençeme şahyrlara hem iň beýik zady, iň uly zady öwretdi. Şahyr özüniň her bir şygryny halk dilinde ýazyp, halkyň azatlygy hem-de özbaşdaklygy ugrunda söweşipdir hem göreşipdir. Şeýle etmeýän şahyr, şahyr hem däldir.

Gadyrdan dostlar,

Türkmeni Magtymgulysyz göz öňüne getirmek bolmajak zatdyr. Pyragy dünýäň ähli künjeklerinde ýaşaýan türkmenler üçin konfusiusyň aýdyşy ýaly: “Hem ýol hem maksatdyr.” Bu ýolda üznüksiz, sabyrly we arkaýyn göterilýän ädimler bizi günbe- günden kiçiräk, emma mümkin we real maksatlara ýetirip, öz kimlik hakykatymyzy tapmakda ýardam eder diýip düşünýäris.

Bu ýoluň dogruçyl, aşyk we sadyk ýolagçylarynyň başy dik we işleri şowuna bolsun!

Size berk jan saglyk we üstünlikler dilýäris!

Türkmen Kultur Ojagy

Köln, 11. Maý. 2019

 

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: