قالب وردپرس

August 08, 2020

TÜRKMEN HATYNDA ÇEKIMLI HARPLARYŇ ORNY

TÜRKMEN HATYNDA ÇEKIMLI HARPLARYŇ ORNY

Türkmen latyn elipbiýi 21 çekimsiz we 9 çekimli, bary 30 harpdan ybaratdyr. Diýmek onuň ýüzde ýetmişi (70%) çekimsiz we ýüzde otuzy (30%) çekimli harplardan durýar.

Eýsem bu harplaryň türkmen ýazuwynda ulanyşy hem olaryň elipbiýde eýeleýän sany bilen deňmeçermi?

Biz bu soragyň jogabyny bilmek üçin şeýle bir barlag geçirdik.

Biz munda türkmen edebiýatynyň 3 sany ady belli kitaplaryndan 1000 harpdan ybarat bolan bölekler saýlap, olarda ýazylan her bir çekimli harpyň sanyny barladyk.

Bu işiň netijesi bizi örän geň galdyrdy. Ony aşakdaky tabellede görüp bilersiňiz.

Görşüňiz ýaly dürli kitaplardan alnan ýazgylaryň 42.5% çekimli harplardan ybaratdyr.

Bu durmuş türkmen dilinde hem şeýleräk bolmaly diýip çak edýäris.

 

Bu barlag çekimli harplary bolmadyk elipbiý bilen türkmen dilini dogry ýazyp bolmajagyny ýa-da örän çetin we çylşyrymly boljakdygyny görkezýär.

 

Ýazan: Suwhan Gylyçtagan

———————–

Ulanylan kitaplar:

1- Japbaklar, Berdi Kerbabaýew

2- Şükür bagşy, Nurmyrat Saryhanow

3- Eziz han hakda hakykat, Rahym Esenow

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: