قالب وردپرس

September 18, 2020

TÜRKMEN HALKYNYŇ UNUTMAJAK OGLY

TÜRKMEN HALKYNYŇ UNUTMAJAK OGLY

TÜRKMEN HALKYNYŇ UNUTMAJAK OGLY

Gaýgysyz Atabaýew, Türkmenistanyň ilkinji hökümet başlygy.

Gaýgysyz Atabaýew1887-nji ýylyň oktýabr aýynda Tejeniň Mäne obasynda Täçgök serdaryň maşgalasynda dünýä inýär. Alty ýaşynda ýetim galýar. Ol başlangyç bilimi Tejendäki ýerli rus mekdebinde alýar. 1907-nji ýylda Daşkentdäki mugallymçylyk seminariýasyny gutarýar. Şonda okan döwründe,ol rewolýusion herekete goşulýar hem patyşa polisiýasy tarapyndan yzarlanyp başlanýar.

Gaýgysyz Atabaýew 1907-1912-nji ýyllarda Maryda we Bäherdende ýerli ors mekdebinde mugallym bolup, soň bu işden boşadylýar. Ol 1912-1917-nji ýyllarda Mary bankynda işläpdir. Oktýabr rewolýusiýasy ýeňenden soň, Maryda sowet häkimiýetini guramak hem pugtalandyrmak ugrunda tutanýerli göreşýär.

1920-nji ýylyň sentýabryndan Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy wezipesine saýlanýar. Şol bir wagtda-da Fergana frontunyň rewolýusion sowetiniň başlygy bolýar. 1924-nji ýylyň oktýabryndan Türkmenistan SSR-niň ilkinji hökümetiniň, 1925-nji ýylyň fewralyndan TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlyklygyna saýlanýar hem ömrüniň ahyryna çenli şol wezipede işleýär.

1922-nji ýylyň oktýabryndan RSFR-iň Milletler işleri baradaky Halk Komissarlygynyň kollegiýasyna agzalyga saýlanýar. 1935-nji ýylda Lenin ordeni bilen sylaglanýar.

1937-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanda başlanan tutha-tutluklaryň sebäbini anyklamak hem bu işi togtatmak maksady bilen Gaýgysyz Atabaýew Moskwa gidýär. Ol Lubýanka – NKBD-niň edarasyna – Ýežowyň ýanyna 1937-nji ýylyň 11-nji iýulynda barýar hem şol ýerden gaýdyp çykmaýar.

Atabaýewe berlen ynsanlyk mertebesini kemsidiji soraglar 1938-nji ýylyň fewralyna çenli dowam edipdir. Soň Atabaýew sorag edilýän kabinetde atylyp öldürilýär hem şol günüň ertesi oňa ölüm jezasy çykarylýar hem hamana şol hökümden soň atylyp öldürilen hökmünde resmileşdirilýär.

Gaýgysyz Atabaýewiň jesedi başga-da 4.5 müň adam bilen bilelikde Moskwa şäherine degip duran “Kommunar” sowhozynda – Sewernaýa Butowo diýen ýerde doganlyk mazarda.

Gynansak-da 1967-nji ýylda Atabaýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna Aşgabatda bina edilen ýadygärlik 90-njy ýyllarynyň ortalarynda ýok edildi.

 

Gysgaldylyp alnan çeşmeler:

-Türkmen sowet ensiklopediýasy, 1-nji jilt

-gollanma.com  saýty

-Taryhyň ýapraklarynda TÜRKMENLER, Dr. Mehmet Kiliç

– Türkmenistanyň taryhy 1917-1937, Akmyrat Gürgenli

 

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: