قالب وردپرس

November 12, 2019

Türkmen halk döredijiliginden SANAWAÇLAR (1)

Türkmen halk döredijiliginden SANAWAÇLAR (1)

Türkmen halk döredijiliginden (folkloryndan)

SANAWAÇLAR (1)

 

Sanawaçlar – şahyrana halk döredijiliginiñ, esasan hem çaga durmuşy, çaga oýunlary bilen baglanyşykly aýdylýan (sanalýan) bentler, goşgulardyr.

Sanawaçlaryň esasy hyzmaty çagalary terbiýelemekden, olaryň ýatkeşligini we söz baýlygyny artdyrmakdan ybaratdyr. Bu gysga setirlerdäki sözler we sesleriň özara sazlaşygy olaryň ýatda galmagyny ýeňilleşdirýär.

Sanawaç eşitmek, öýkünmek we gaýtalamak ýoly bilen çagaň hakydasyna ornaşýar, ýatkeşligini berkidýär, aňyny ösdürýär we ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar.

Käbir oýun sanawaçlarynda düşnüksiz sözler duş gelse-de, olar şahyrana akgynlygy gazanmak maksady bilen ulanylypdyr we çaga aňyny ösdürýän, dünýä garaýyşyny giňeldýän owadan mazmuna agram salnypdyr.

 

Käbir saýlanan oýun sanawaçlary:

Çymçyk, çymyldyryk, sen gal, sen çyk ….

Öwek-öwek, towşan döwek, bilbil saýrar, sesi ýaýrar,

Derýa akar, suwun çeker, çekdi kömür, çek aýak.

Öweleme-döweleme bi düşdi, meýdana kişmiş düşdi,

Meýdanyň agaçlary, şaň-şaň eder guşlary,

Çeper çekdi-çekmedi, gizil güle do…laş…dy.

***

Çagalara bäş barmagyň adyny öwredýän sanawaç:

Başam barmak baş getir,
Suýem barmak suýt getir,
Orta barmak ot getir,
Ogulhajat ok atar,
Külbikejik kül atar.

***

Çagalara sanlary öwretmek üçin aýdylýan sanawaç:

Birde – baý,  ikide – laý, üçde – taý, dörtde – gaý, bäşde – maý,

Altyda – aý, ýedide – ýaý, sekizde – saý, dokuzda – doý, onda – goý.

*******

 

 

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: