قالب وردپرس

October 18, 2019

TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINDEN (FOLKLORYNDAN) MONJUGATDYLAR

TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINDEN (FOLKLORYNDAN)  MONJUGATDYLAR

TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGINDEN (FOLKLORYNDAN)

MONJUGATDYLAR

Türkmen halk döredijiliginiň şahyrana ugurlarynyň biri hem Monjugatdylar bolup durýar.

Monjugatdylar gelin-gyzlar tarapyndan söýgi hakda döredilýän we ýerine ýetirilýän bentler bolup, olaryň öz bagtlaryny synamak üçin oýnaýan sanawaçly oýnudyr.

Oýna gatnaşýan gyzlar, oňa öz ykballary bilen baglanyşykly bije hökmünde garaýarlar.

Monjugatdy bentleriniň dili örän sada, çeper we akgynly bolýar. Olar düzülişi taýyndan läleler we hüwdüler ýaly ýedi ýa-da sekiz bogunly dörtleme-rubagy görnüşindedir.

Monjugatdylary oýnamak üçin gelin-gyzlar ilkagşamdan bir öýe ýygnanýarlar. Olar ortada goýlan suwly gaba öz monjuklaryny atýarlar. Soňra dilewar aýal-gyzlaryň biri goşgy setirlerini sanap başlaýar.  Her bir aýdylan bentden soň, monjuk çykarýan çaga: “Çykar, monjugy” diýip ýüzlenýärler. Çagajygyň çykaran monjugy kimiňki bolsa, aýdylan goşgy hem şol adama degişli hasaplanýar we bendiň mazmunyna görä, monjuk eýesine degişme sözler aýdylyp gülşülýär.

***

Geliň, gyzlar, üýşeliň,

Bagtymyzdan diýşeliň.

Ol barýan ýigit kimkä?

Ýagşy-ýaman gülşeliň!

***

Nowruz geldi bu gije,

Gyzlar atarlar bije.

Kimiň bijesi çyksa,

Baýragy horaz-jüýje.

***

Gyrmyz donuň biçeýin,

Üste teňňe seçeýin.

Atam-enem görmänkä,

Ogryn saňa gaçaýyn.

***

Iki öýüň arasy,

Gün görünmez parasy.

Göz görse, göwün söýse,

Asla bolmaz çäresi.

***

Bagyňyzdan bakaýyn,

Galam gaşy kakaýyn.

Seniň syýa zülpüňi,

Tamdyrama dakaýyn.

***

Baga girdim yzyňdan,

Gara saçyň dyzyňdan.

Ýakma meni, gara göz,

Öldüm seniň näziňden.

***

Ýokarda ülker,

Telpegin silker.

Jana-jan ýarym,

Gelmäge gorkar.

***

Ala dagdan aş-da gel,

Bäş tümenden geç-de gel,

Gündiz eliň degmese,

Gije ýola düş-de gel.

***

Aý dogar gädiginden,

Tanadym ädiginden,

Baryň aýdyň oglana,

Dänmesin diýdiginden.

——————

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: