قالب وردپرس

August 08, 2020

TÜRKMEN GYZ ADY “LAÇYN”

TÜRKMEN GYZ ADY “LAÇYN”

Her bir oguz taýpasynyň ýörite özüne degişli tagmasy bolşy ýaly, guş belgisi hem bolupdyr. Şeýlelik bilen Oguz hanyň uly ogly Gün handan döräp gaýdan: Gaýy, Baýat, Aköýli we Garaöýli taýpalarynyň guş belgisi LAÇYN bolupdyr.

 

Algyr manysyny berýän “naçin” mogol sözi türk dillere laçyn görnüşinde geçipdir. Ol köp goňşy ýurtlarda şahin ady bilen tanalýar.

 

Türkmenler bu örän çakgan guşy ir wagtlardan bäri aw awlamak üçin  eldekileşdiripdirler. Laçynyň tizligi (çynyrgadan mahaly) 360 km/h ýetýär. Şonuň bilen ol iň tiz jandardir.

 

Laçyn ady türkmeniň gözel gyzlaryna dakylsa-da, Mahmyt Kaşgary dogumly ýigitlere-de laçyn ýigit diýilýändigini belläpdir.

 

—————–

Suratda: laçyn balasy

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: