قالب وردپرس

September 18, 2020

TÜRKMEN ELIPBIÝI

TÜRKMEN ELIPBIÝI

 

Türkmenler örän ir wagtlar oguz, uýgur, orhon, horezm ýaly ýazuwlardan azda-kände haýyrlanypdyrlar.

 

7-8 asyrlarda araplar Orta Asyýany basyp alýarlar. Şondan soň bu ýerde ýaşan halklara yslam dini we medeniýeti giň ýaýrap, öňki türki ýazuwlaryň ýerine arap elipbiýi girizilýär.

Türki halklaryň dilleriniň aýratynlyklaryny arap elipbiýi üpjün edip bilmänsoň, 20-nji ýyllaryň soňunda täze elipbiýe geçmek meselesi ýüze çykýar. Şeýlelikde, 1928 ýylyň 3 Ýanwarynda latyn elipbiýi esasynda düzülen täze türkmen elipbiýine geçmek hakynda kanun kabul edilýär. Onda uzyn aýdylýan çekimlileri görkezýän harplar hem bolupdyr: aa, oo, öö, yy, ii we ş.m.

Bu ýagdaý uzak gitmeýär we 1940-njy ýylyň Maý aýynda Türkmenistanyň Ýokary Şurasy rus harplarynyň esasynda düzülen elipbiýe geçmek baradaky kanuny kabul edýär.

 

1993-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistanda latyn harplary esasyndaky täze türkmen elipbiýi kabul edildi.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: