قالب وردپرس

October 18, 2019

TÜMEN sözüniň geçmişi

TÜMEN sözüniň geçmişi

Tümen ilki başda türk sözi bolup, ol «örän köp» diýen manyda ulanylypdyr. Soň-soňlar ol mongollara geçipdir we «on müň» diýen manyny aňladypdyr. Harby dilde tümen on müň esgerden düzülen goşuny aňladypdyr.

Pul birligi hökmünde tümen mongol hökümdarlygy wagtynda on müň kümüş dinardan ybarat bolupdyr. Mongol imperiýasyna giren Altyn Orda, Hulagular we Çagataý döwletlerinde agramy 2,15 g bolan dirhemler hem-de şular ýaly 6 dirheme barabar kümüş dinarlar zikgelenipdir. Tümen şeýle dinarlaryň on müňüne ýa-da ownuk dirhemleriň 60 müňüne barabardyr. Soňky wagtlarda tümen has ownap, 18. asyryň aýaklarynda Eýranda (Iranda) 10 grana ýa-da on müň dinara barabar bolan 1 teňňelik altyn tümen zikgelenýär.

———————-

T.S.Enziklopediýasyndan gysgaldylyp alyndy.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: