September 18, 2021

Tapmaz sen

Tapmaz sen

 

Niçe işi akyl bilen jem etseň,

Pelek çaşyr bir gün hasap tapmaz sen.

Bu jan saglygynda haýyr gazangyl,

Ýer astyna girseň, sowap tapmaz sen.

***

Munda ne iş etseň, onda garawly,

Sen hem ýagşylardan alawer ýoly,

Häli hem bir pille, eý, adam ogly,

Alymlar kemelse, edep tapmaz sen.

***

Ýigrimi ýaşynda äriň ne gamy,

Ýykar dagy, daşy erider demi,

Bir gün öter ýigitligiň möwsümi,

Ýyglap-ýyglap gelseň, jogap tapmaz sen.

***

Ýigit bolsaň, gezgil ýagşy at bilen,

Bedew münüp, gezgil perizat bilen,

Ömrüňi ötürgil jemagat bilen,

Matjidi ýykylsa, mährap tapmaz sen.

***

Magtymguly, görüň niçik hoş oldy,

säher wagty erenlere duş oldy,

Bir käse meý içip, jana noş oldy,

Her gün käse doly şerap tapmaz sen.

*******

About The Author

Related posts

Leave a Reply

Deine E-Mail-Adresse wird nicht veröffentlicht. Erforderliche Felder sind mit * markiert.