قالب وردپرس

October 25, 2020

ŞORTA SÖZ GÜLDÜRÝÄR WE GÖWÜN AÇÝAR

ŞORTA SÖZ GÜLDÜRÝÄR WE GÖWÜN AÇÝAR

Halk döredijiliginde duş gelýän degişme häsiýetli, gülküli we sosýal ýiti tankydy dilde aýdylýan kiçi göwrümli hekaýalara ŞORTA SÖZ diýilýär.

Çeper dilde aýdylýan şorta sözler adamlary güldürýär we göwün açýar.

Şorta söz aýtmak toý-tomaşanyň we oturyşma-turuşmalaryň bezegi bolup, gymmatly bir däp hökmünde, gadym zamanlardan bäri saklanyp galypdyr.

Şorta sözlerde köplenç halk arasynda bolan gülküli wakalar aýdylýar. Sosýal Tankydy häsiýetli şorta sözlerde gysgançlyk, gözboýagçylyk, gorkaklyk, eli egrilik, ýalançylyk, öwünjeňlik we ş.m. gylyk-häsiýetler göz astyna alynyp, ýiti sözler bilen beýan edilýär.

Şorta sözler köplenç Hoja Nasretdiniň (Ependiniň), Keminäniň, Aldar Kösäniň, Myraly bilen Soltansöýüniň … atlary bilen ýa-da belli bir adamyň ady bilen baglanyşdyrylman, “biri”, “öňde biri” ýaly sözler bilen umumylaşdyrylyp aýdylýar.

—————————

Kümüşdefede ýaşan, burny halkyňkydan ulurak bolan Mämet Araz aga syrkawlapdyr.

Dosty Gurbannazar aga ýanyna gelip ýagdaýyny soranda, ol:” Indi ýagşy welin, biraz demim gysýar.” diýip jogap beripdir. Şonda dosty:” Aý şu burun bilen demiň gysýan bolsa, onda seňki dogry gelendir.” diýip, ony güldüripdir. 

Şorta söz “Türkmen Folklory” kitabyndan gysgaldylyp alyndy.

Taýýarlan: Suwhan Gylyçtagan

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: