قالب وردپرس

October 18, 2019

Sil galmaz – halypa Nazarly Mahjubi

Sil galmaz  – halypa Nazarly Mahjubi

Sil galmaz 

 

Altmyş başly, ala garly daglardan,

Duman göçer, ýagmyr geçer, sil galmaz.

Şeýda bilbil mesgen tutan baglardan,

Hazan urar, ýaprak gaçar, gül galmaz.

***

Jana degse garrylygyň zäheri,

Bozuk bolar köňül-göwre şäheri,

Elden gitse ýigitligiň bahary,

Kuwwat gaçar, dyz egiler, bil galmaz.

***

Bir namardyň köp minnetli aşyndan,

El uzatmaň, gaçaweriň daşyndan,

Ilsiz galan belent daglar başyndan,

Agaç biter, jadde ýiter, ýol galmaz.

***

Magtymguly bu jahanda kim bolar,

Ol mekana giden gelmez, güm bolar,

Görer gözüň, görkli göwräň gum bolar,

Dahan gider, dendan düşer, dil galmaz.

*** *** ***

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: