قالب وردپرس

October 25, 2020

Sil biläni

 

 

Sil biläni

 

Belent daglaryň başynda,

Bulut oýnar sil biläni.

Goç ýigide toýdur-baýram,

Her iş gelse il biläni.

***

Dil bilenler güň bolupdyr,

Altyn, kümüş zeň bolupdyr,

Peşe kaçan deň bolupdyr,

Ugraşanda pil biläni.

***

Otlaga gaçar buzawlar,

Öňün başlar ýagşy gäwler,

Tanalar ol has bedewler,

Köne ýyrtyk jul biläni.

***

Haram işden gaçar pirler,

Tilki sarkyndydan şirler,

Gusdurmany goýmaz diýrler,

Gaýmak iýseň gyl biläni.

***

Hak bendesi haka çapar,

Ýaman öz pälinden tapar,

Magtymguly, aýbyn ýapar,

Iş gylyjy dil biläni.

******

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: