قالب وردپرس

September 21, 2019

Pyragynyň şadyýan dabarasynda

Pyragynyň şadyýan dabarasynda

Pyragynyň şadyýan dabarasynda

 

Magtymguly Pyragyň doglan gününiň şanyna bu ýyl Köln şäherinde geçirilen dabara, oňa ýakyndan we uzakdan gelip gatnaşan myhmanlaryň aýdyşyna göra, örän owadan we gyzyklydy.

Bu toýda ýaş-ýetginjeklerimiz Arzuw Şirmohammadi we Ýaşa Gerkeziň geň galdyryjy başarjaňlyk bilen ýerine ýetiren aýdym we sazlary ene-atalaryň içgin tüwelemesine we berekellasyna laýyk boldy.

Ildeşimiz Elýas Seýdiden joşan sazlar örän täsin we ruha ötgürdi.

Ojagyň müdiri Afganistan türkmenleriniň edebi durmuşy hakda gysgaça gürrüň berip, edebiýat işgäri we şahyr hormatly Abdulrahym Orazyň “Magtymgulydyr” atly goşgusyny okydy.

Toýda ylmy-edebi çykyşlar bolup, kultur ojagyň gutlag haty hem diňlendi.

Agşamlyk iýer wagty saçakda ýerleşdirilen bol we bereketli milli iýmitlerimiziň koky bütin toý ýere dolupdy.

Biz bu toýuň sözüne, sazyna we duzuna ýardam eden ýoldaşlarymyza, şeýle-de ony alyslardan gutlan dostlarymyza tüýs ýürekden bolan minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Baýramçylykdan alnan wideolar basymlykda facebook we internet sahypamyza beriljekdir.

 

Türkmen Kultur Ojagynyň dolandyryş topary

Köln, 22.05.2018

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: