قالب وردپرس

October 18, 2019

Ussat Hekim Bahrami- PYRAGYNY GUTLAP

Ussat Hekim Bahrami- PYRAGYNY GUTLAP

PYRAGYNY GUTLAP

Bu ýyl beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dabarasyna türkmeniň uly alymlar- we  hünärmenleriniň goşan goşandy bizi has buýsandyrdy.

Şolaryň biri-de Türkmensahraň teater ugrunyň uly ýazyjysy, oýunçysy we regissöri hormatly Hekim Bahramydan gelen gutlag haty we “Ýaş ýazyjylar üçin”, “Çagalygym”, “Yşk nämedir?” we “Täzelikçi Tahyr” atly erkin goşgulary boldy.  Ussat Hekim Bahramyň gutlag hatyndan saýlanyp alnan bölekler:

“Salam gadyrly dostlar, mähriban ýoldaşlar, … söýdügim ildeşlerim!

Men Hekim Bahramy, Kümmetden. Sizleriň şeýle bir günde uly şahyrymyz Magtymguly Pyragyny ýatlap, bir ara gelip üýşmegiňiz hem-de saz-söhbet edip hoş bir wagt geçirmäňiz, dogrusy bu taýda bizleri-de begendirýär, buýsandyrýar. Sebäbi Magtymguly diýilende gözümiziň öňünde giň we owadan bir dünýä açylýan ýaly bolýar. Türkmenleň dünýäsi! … we şol dünýäň owadanlygy bizi üýşürip bilýär. Şeýle bir gün barymyza gutly bolsun!

Magtymgulynyň haýsy ýylda dünýä inendiginiň üstünde parhly rowaýatlar bar. Ýany doglanyndan bäri naçe ýyl geçdigi belli däl. Onuň ähemiýeti-de ýok. Ähemiýeti bolan, oň ýazan goşgulary, goşgulary bilen-de edebi dilimizde döreden täzelikleridir. …

Sözi uzatmaýyn. Meň asyl işim teater. Ýaşlygymdan bäri ýazýaryn, oýnaýaryn, regissörlik edýärin. Kä wagtlar özüme görä goşgy hem ýazan bolýaryn. Siziň bu dabaraňyza goşulmak üçin bir-iki namuna goşgymy iberýärin. … Bu goşgular bilinýän klasik goşgulardan däl. Men adyna “Erkin goşgy” dakdym. Ýany öz erkinde bolan goşgy hili. Hatda “Azat”-da diýmeýärin. Azat diýilende goýberilen bolýar. Emma erkin öz erkindedir, azatdyr, ýöne bu azatlygy öz içindedir. Sözler ýürekden gelşi ýaly yz-yzyna düzülýär. Erkin goşgyň kapyýadyr, mesradyr, beýtdir ýa-da her setiriň belli bir söz sany bolmalydyr diýen gaýgysy ýok. Emma elbetde belli bir agramy, belli bir heňi bar.

Men goşgyny özüme görä şeýle taryp edýärin: goşgy, sözleriň dogry manylary bilen gelşikli we mynasyp bir şekilde we gulaga ýokumly bir heň bilen yz-yzyna düzülişidir. … goşgy sözleriň güýjüdir, ýokumlydyr, süýjüdir. Onuň öz erkinde bir heňi bardyr. Heň bolsa diňe sazlarda däl, tebigatda, eşidýän seslerimizde, urýan ýüregimizde we atýan damarymyzda bardyr. Şoňa görä-de duýgularymyz içimizde üsti-üstüne toplanyp, mynasyp sözler bilen daşaryk çykanda we öz heňini tapyp düzülende goşgy orta çykýar. Men oňa “Erkin goşgy” diýärin.

Sag boluň we şadyýan ýaşaň!”

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: