قالب وردپرس

October 25, 2020

ORHON ÝAZGYLARY

ORHON ÝAZGYLARY

1889-njy ýylda, Mogolystanda dört töweregi ýazylan we dikeldilen daşlar tapylýar.

Bu ýazgylaryň natanyş elipbiýini birnäçe ýyllap hiç kim okap bilmeýär.

1893-nji ýylda Danmarkly dil alymy Wilhelm Thomsen bu elipbiýiň syrlaryny çözýär we  ýazgylaryň 8-nji asyr Mogolystanyň günbatar ýarymynda höküm süren Göktürk döwletine degişlidigi belli bolýar.

Bu elipbiý Orhon akarynyň jülgelerinde tapylansoň ORHON ELIPBIÝI adyny alýar. Ol oguzlaryň yslamdan öňki haty bolupdyr.

Ýazgylarda ikinji Göktürk döwletiniň hökümdarlary Bilge Kagan (bilimli han) we Kül Tiginiň bitiren işleri we edermençilikleri wasp edilýär.

Daşlary Bilge Kaganyň doganynyň ogly Ýollug Tigin 732-nji we 735-nji ýyllarda ýazypdyr.

Bu ýazgylar ähli türk halklaryň ortak taryhy baýlygydyr.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: