
„…Türkmen halysynda görlen toprak we göl (suw) äheňleri şamançylyk düşünjesiniň iň uly ähemiýete eýe bolan ýir-sub ’ýer we suw’ elementleriniň simwollarydyr. Ýere degişli düşünjelerde dag uly ähemiýete eýedir. Şunuň üçinem türkmen halysynda dag nagşy hem bar. Bu nagyş orhon elipbiýinde dagyň bir suratyny görkezýän t ýa-da ta harpy görnüşinde halylary bezeýär. Çünki dag, şaman kulturynda we Altaý mifologiýasynda Taňrynyň ýaratma güýjüniň simwoly bolan ýagtynyň ilki ýetişen ýeri hasap edilýär; şu sebäpden oňa dag baba, dag ata, dag taňry ýaly atlar berlipdir. Orhon ýadygärliklerinde ulanylan r harpy-da üýtgeşik görnüşde haly nagyşlarynyň içinde görünýär. Bu nagyş suwuň akyşyny, göçme manyda-da durmuşyň akyp gidişini görkezýär. Orhon elipbiýinde öýi suratlandyrýan b harpy we ok we ýaý şekili-de türkmen haly we kilimlerinde giňden ulanylýan nagyşlardyr. …“
Ýazgy Professor Ýusup Azmunyň SÖZ KÖKÜMIZ- ÖZ KÖKÜMIZ atly kitabyndan alyndy