OGUZLARYŇ AT DAKMAK DÄPLERINDEN

OGUZLARYŇ AT DAKMAK DÄPLERINDEN
Biziň ata-babalarymyz ýaş çagalara (ähtimal, oglanlara ) olar ýigit ýetip, uly ile peýdaly bir gowy iş bitirýänçä, hakyky at goýmadyk bolmaga çemeli. Gorkut Atanyň rowaýatlarynda gürrüň berlişine görä, Baýböri begiň 15 ýaşly ogly Oguz ülkesine gaýdyp gelýän söwdagärleri 500 garakçynyň çozuşyndan halas edýär. Şu wakadan soň Baýböri beg uly toý tutýar we ogluna at dakdyrýar. Gorkut ata ol ýigide Bamsy-beýrek diýen ady goýýar.
Derse hanyň 15 ýaşly ogly Baýyndyr hanyň güýçli öküzini ýeňenden soň, oňa-da Gorkut ata Bogaç (Bogaç- «buka», ýagny « öküz ýaly güýçli pälwan » ) diýip at berýär.
Hut şeýle ýagdaý altaýlylarda ýäňy ýakynlara çenli dowam edipdir.
———————————
“Adyň näme?” kitabyndan

About The Author

Related posts

Leave a Reply

Deine E-Mail-Adresse wird nicht veröffentlicht. Erforderliche Felder sind mit * markiert.