
On ýedi ýyl mundan öň, şeýle günlerde türkmeniň şahyr, ýazyjy we žurnalist ogly Nazmuhammet Pakga 43 ýaşynda aradan çykdy. Ýöne ol hakykatda şeýle bolmadyk ýaly. Nazyň güler ýüzi, çeken zähmetleri we ýazyp giden gymmatly bentleri onuň dostlarynyň we bütin halkyň ýüreginde ýaşamaga dowam edýär. Nazmuhammediň 60 ýaşyna bagyşlap, onuň birnäçe rubagylaryny bilelikde gözden geçirýäris.
Dutar
Gara dutarymyň dilin öwrendim,
«Aýralyk»da zaryn aglap zeýrendim,
«Tilim gyrk»da gara geýip, ýas tutup,
«Zyba gözel» bilen her gün öýlendim.
Gerçekler
Kerwen bilen geçip giden gerçekler,
Hatar tutup göçüp giden gerçekler,
Ýadyňyz ýadymda baky ýaşaýar,
Ak guş ýaly uçup giden gerçekler.
Ýaş, Daş
Söýmän bolsam synamdaky baş näme?
Söýmän bolsaň gözüňdäki ýaş näme?
Men bilmedim söýýäňmi ýa söýeňok,
Söýýän bolsaň eliňdäki daş näme?
Gapyl
Ýaz gelip geçipdir, duýmandyryn men,
Saz çalyp geçipdir, duýmandyryn men,
Güýz içinde ýaşap ýören mahalym,
Ýar gülüp geçipdir, duýmandyryn men.