قالب وردپرس

October 24, 2020

NAKYL WE ATALAR SÖZI HAKDA OÝLANMA

NAKYL WE ATALAR SÖZI HAKDA OÝLANMA

NAKYL WE ATALAR SÖZI HAKDA OÝLANMA

NAKYL türk dilinde ATASÖZÜ bolsa, oňa Azerbaýjan dilinde ATALAR SÖZÜ diýilýar we NAGIL bu dilde erteki, hekaýa many berýär.

Türkmen sowet ensiklopediýasy nakyl we atalar sözüniň türkmen halk döredijiliginiň tapawutly ugurlarydygyny görkezmäge çalyşsa-da, olaryň biri-birine has ýakyndygyny we saýgarmagyň kyndygyny nygtaýar.

Bu kitapda atalar sözi hökmünde berilýän misallar bolsa, 2016-njy ýylda çap bolan iki jiltli Türkmen Diliniň Düşündirişli Sözlüginde durnukly söz düzümleri diýip görkezilýär.

(Mysallar: Gurt arkasyndan guş doýmuş, Saman astyndan suw goýberen,  Ne hamyr, ne petir we ş. m.)

Düşündirişli sözlükde ATALAR SÖZI hökmünde berlen setirleriň barysy diýen ýaly, bu sözlügiň özünde we başga türkmen folklory bilen baglanyşykly çap bolan kitaplarda NAKYL adynda berilýär.

Düşündirişli sözlükden birnäçe mysal (A.s.- Atalar sözi):

-Baýguşuň rysgaly agzynda. (A.s. seret: baýguş we Nakyl seret: rysgal)

-Hem daýymlara barýan, hem taýyma baş öwredýän (A.s. seret: daýy we Nakyl seret: BAŞ öwretmek).

– Agşamyň haýryndan – ertiriň şeri (A.s. seret: ertir we Nakyl seret: şer)

– Utulan ýeňsesini gaşar (A.s. seret: gaşamak we Nakyl seret: ýeňse).

– Kyrk ýyl gyran gelse, içinde ajally öler (A.s. seret: gyran we Nakyl seret: ajally).

Merhum Hajy Muratdurdy Gazynyň hem türkmen nakyllaryny ýygnap, çap eden kaitabynyň adyny ATALAR NAKYLY diýip atlandyrmagy, halk arasynda bu sözleriň tapawutly görülmeýändigini, we nakyl (arap) sözüniň türkmen diline soň girip, gysga we aýdylmagy aňsat bolany üçin öz ornuny tapyp, giňden ýaýran hem bolsa, ATALAR SÖZÜNI doly ýeňip, aradan çykaryp bilmedigini aýtsak ýalňyş bolmasa gerek.

Ýazan: Suwhan Gylyçtagan

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: