
Merhum Abdolmejid Turany ýatlap
Türkmen şahyr we ýazyjy merhum Abdolmejid Turan 1960-njy ýylda, Afganistanyň Alty bölek obasynda dünýä inýär.
Kabulda žurnalizm okuwyny gutaran Merhum Turan, türkmen edebiýaty we medeniýeti ugrunda žurnallarda, radio-telewisionda we medeni ojaklarda ömür boýy ýadawsyz çeken zähmetleriniň netijesinde, türkmenleriň uly medeni şahsyýeti bolup ýetişýär.
Merhum ýurduň bulagaý ýagdaýy sebäpli, Pakistanyň Peşawar şäherinde bosgun bolup ýaşan ýyllarynda-da ençeme türkmen dessanlary, klassyk we täze eserleri işläp, çapdan çykardy.
Şol ýyllarda merhum Turan hat arkaly Alman türkmenleri bilen hem aragatnaşykdady.
Ady ebedi bolan Abdolmejid Turan 2011-nji ýylyň September aýynyň ikisinde (02.09.2011) Anna güni, uzak çeken hassalykdan soň, 51 ýaşynda aradan çykdy.
Ýatan ýeri ýagty bolsun!
Türkmen Kultur Ojagy
Köln, 02.09.2018