قالب وردپرس

September 21, 2019

MALAZGIRT SÖWEŞI

MALAZGIRT SÖWEŞI

Türkmenlere Anadolyň derwezelerini açan söweş

1040- njy ýylda Seljukly döwletiniň gurulmagyndan soň Maweraunnähirden bölek-bölek göçüp gelýän türkmen obalarynyň Bizans serhetlerine ýerleşdirilmegi we olaryň barha köpelmegi Bizans döwletini gyssaga salyp, dünýäsini daraldypdy.

1063-nji ýylda beýik Seljuk döwletiniň hökümdary Togrul beg dünýäden ötdi we onuň ýerine dogany Çagry begiň ogly Alp Arslan geçdi.

1071-nji ýylda Alp Arslanyň Müsüre aşmak maksady bilen Suriýäň Halap şäherinden ugran wagty, onuň Anadolyda bolan jansyzlary Bizans imperatory Roman Dioženiň (Romanos Diogenes) uly bir goşun bilen Seljukly döwletine soň bermek üçin Istanbuldan gündogara ugrandygyny habar berdiler.

Alp Arslan goşuny bilen yzyna dolandy we Wan gölüniň ýanynda ýerleşýän Malazgirtde imperatoryň garşysyna çykdy.

1071-nji ýylyň 26-njy Augustynda (Anna güni) Malazgirdiň Rahwa çölünde bolan söweşde türkmenleriň 40-50 müň adamdan ybarat bolan goşuny özünden 3-4 esse köp Bizans goşununy ýeňdi we şonuň bilen Anadolyň derwezeleri türkmenler üçin hemişelik açyldy.

MALAZGIRT söweşi taryhyň akymynyň ugruny üýtgeden söweşdir.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: