August 01, 2021

MAHMUT KAŞGARLY

Ilkinji köptaraply türkşinas (1029 /38- 1083) ýerligi oguzlardan bolup Kaşgarda önüp-ösüpdir. Selçuklar Bagdady eýeländen (1055) soňra bu şähere gelip, galan ömrüni bu ýerde geçiripdir. Ol Diwan-e Lugat ät Türk atly eserini-de Bagdatda ýazan bolmaly (1072/1074-1083). Alym öz bu eserini Apbasy halypasy Abulgasym Abdyllah … (1075-1094) sowgat beripdir.  Kaşgarly öz bu eseriniň I. jildinde oguzlar hakda şeýle ýazýar: Oguzlar-Türkmenlerdir. Olar ýigrimi iki urugdyr… Birinjisi hem baştutanlary Kynyklardyr. Zamanamyzyň Hakanlary –Selçuklar, şu Kynyklar urugyndandyr. (s.89).

Mahmut Kaşgarlynyň arap dilinde ýazan «Diwan-e Lugat ät Türk» («Türk gepleşikleriň sözlügi») atly üç jiltden ybarat eserini türkmen diliniň we folklorynyň taryhyny öwrenmek üçin ilkinji çeşmeleriň biri hasaplamak bolar. Bu kitap irki döwür türki dilleriň diýalekt aýratynlyklaryny görkezýän ýeke-täk ýadygärlikdir.

 

Çeşmeler:

Taryh Ýapraklarynda Türkmenler

Türkmen Sowet Enziklopediýa

Surat: Turkmenler.org sahypasyndan

About The Author

Related posts

Leave a Reply

Deine E-Mail-Adresse wird nicht veröffentlicht. Erforderliche Felder sind mit * markiert.