
Gadyrly dostlar, gadyrdan ildeşler,
2-nji Nowember 1996 Türkmen Kultur Ojagynyň gurulan günüdir. Şu esasda biz bu ýyl medeni ojagymyzyň gurulan gününiň 23-nji ýyl dönümini uludan uly we bu şanly güne ýaraşykly bir dabara bilen belläp geçmäge taýýarlanýarys. Bu gutly günüň begençli dabarasy Allerweltshaus Kölnde ýazyljak dostlukly, geň we bol-bereketli saçagyň başynda geçiriljekdir. Duşuşykda Ojagyň geçmişine we geljegine seredilip, gürrüň ediler.
Saz-söhbetli we buýsançly dabaramyza Sizi tüýs ýürekden çagyrýarys!
Duşuşygymyzyň:
Ýeri: Allerweltshaus, Körner Str. 77, 50823 Köln
Zamany: Ýekşenbe, 10.11.2019, sagat: 11:00- 15:00
Hormat bilen
Türkmen Kultur Ojagy
Dolandyryş topary
Köln, 14.09.2019