
KEÝFI ÝOK
Mende bolmadyk söýgi,
Sende bolsa keýfi ýok.
Sende bolmadyk duýgy,
Mende bolsa keýfi ýok.
Seň öýüňde bolmasa,
Şatlyk bilen şagalaň,
Meň öýümde bolanynyň,
Meniň üçin keýfi ýok.
Giň dünýäde bolmasa,
Adam hakda alada,
Seň dünýäňde bolnynyň,
Biziň üçin keýfi ýok.
Sawçy