قالب وردپرس

November 12, 2019

„KERWENGYRANA BIL BAGLAMA.“

„KERWENGYRANA BIL BAGLAMA.“

„KERWENGYRANA BIL BAGLAMA.“

 

KERWENGYRAN,  Gün sisteminde iň uly we Günden uzaklygy boýunça, başinji orunda durýan Jupiter planetiniň (türk dilinde: gezegeniň) türkmençe adydyr.

Bu gezegen biziň asmanymyzda Aý we Zöhreden soň, iň güýçli ýagtyltgyç bolup durýar.

Rowaýata görä, bir kerwen gije çölde düşläpdir. Gijäniň bir wagty Daň ýyldyzyna (Zöhrä) meňzeş bir ýyldyz dogýar. Oňa Daň zyldyzydyr öýdüp, kerwen ýola düşüpdir. Emma daň atar çende atmaýar. Şeýlelikde, kerwen çölde azaşyp, heläk bolupdur. Şoňa görä, türkmenler ol ýyldyza Kerwengyran diýipdirler.

Türkmen atalar sözi «Kerwengyrana bil baglama» diýse-de, bu gezegen ummasyz uly göwrümi we özüne çekiji güýji bilen, Gün sisteminde dolanyp ýören ownuk daşlaryň (Asteroidlaryň) öňünde, biziň ýaşaýan bereketli Ýerimiziň goraýjysydyr.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: