قالب وردپرس

August 08, 2020

JÜRJAN-Türkmeniň taryhy şäheri

JÜRJAN-Türkmeniň taryhy şäheri

Gadymy Jürjan şäheriniň harabasy demirgazyk Iranda türkmenleriň häzirki ýaşaýan Kümmet şäheriniň (1 km) günbatarynda ýerleşýär. Jürjan irki hem orta asyrlarda möhüm söwda ýollarynyň üstünde ýerleşendigi sebäpli giňden tanalypdyr.Taryhy maglumatlara görä, bu töwereklerde ýaşaýan türkmenler örän gadym wagtdan bäri çarwaçylykdan oturymlylyga geçip, ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Bu ýerde görnükli alymlaryň, şahyrlaryň ençemesi ýetişipdir.

 

Jürjan şäheri 620-nji (hijri) ýylynda mogollaryň çozuşyna uçrap, weýran edilýär. 20-nji asyryň 70-nji ýyllarynda bolan gazuw işlerinde bu gadymy şäheriň daş (kerpiç) bilen düşelen bir köçesi, şeýle-de kufi hat ýazuwsy we at, sugun, balyk we ördek ýaly haýwanlaryň nagşy bilen bezelen gap-çanaklar tapylypdyr.

———————-

Çeşmeler:

-Türkmen Sowet Ensiklopediýa

– سیری در تاریخ سیاسی-اجتماعی ترکمنها – امین گلی-

Surat: X. asyr oguzlar we goňşy türkler –Kartasyndan (Hazar deňziniň gündogary.)- OGUZLAR (Türkmenler) kitabyndan-Prof. Faruk Sümer

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: