قالب وردپرس

October 25, 2020

JI:Ġ ZÄDÄN ( جیغ زدن )  = ÇYK UR > ÇYGYR

JI:Ġ ZÄDÄN ( جیغ زدن )  = ÇYK UR > ÇYGYR

JI:Ġ ZÄDÄN ( جیغ زدن )  = ÇYK UR > ÇYGYR         

 

Bu deňlemäni türkmen alym, linguist we türkolog professor Ýusup Azmun “Söz kökümiz – öz kökümiz” atly kitabynyň altynjy bölüminde ýazyp, “bu iki söz düzümi biri-biriniň sözme-söz terjimesi” diýär. (Sahypa 239)

Kitabyň 6.1 bölüminde, «“UR” kömekçi işliginiň üýtgäp, goşulma öwrülmegi» hakda şeýle düşündiriş berilýär:

“Türkmen we türki dillerde käbir işlikleriň uzak wagtyň dowamynda goşulma öwrülmegi bilinýän fakt. Bir işligiň goşulma öwrülmegi üçin, ol ilki kömekçi işlik wezipesini ýerine ýetirip biljek ýagdaýa geçýär we soňra goşulma öwrülip, goşulan sözüniň morfologiki gurluşyny emele getirýär. …

Ur- (wur-) kömekçi goşulma hem türki dillerde hem-de pars dilinde giňişleýin ulanylýar. Türkçede başvur-, türkmen dilinde lap ur-, özbek dilinde gäp ur- > gäpir- işlikleri bilen pars dilinde ulanylýan sär zädän سرزدن , la:f zädän گپ زدن

Görnüşindäki goşma işlikleriň arasynda semantik taýdan parallellik bar.”

 

Şu temaň dowamynda käbir işlikleriň döreýiş prosesi görkezilýär.

Ça:k ur- >  ça:kur- > ça:gur- >  ça:gyr-

Çy:k ur- >  çy:kur- > çy:gur- > çy:gyr-

Gy:k ur- >  gy:kur- > gy:gur- > gy:gyr-

Sy:k ur- >  sy:kur- >  sy:gur- > sy:gyr-

Ba:k ur- >  ba:kur- > ba:gur- > ba:gyr-     we ş.m.

———————————————————————————

Morfologi: söleriň böleklerden gurluşyny we onuň düzgünlerini öwrenýän ylym.

Semantik: sözlemiň we ony düzýän sözleriň we belgileriň manysyny öwrenýän ylym.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: