قالب وردپرس

November 27, 2020

Jedel we durmuş (Aýdym-sazly teater oýny)

Jedel we durmuş      (Aýdym-sazly teater oýny)

Jedel we durmuş

Rawy: Aýdar bolsak gadyrdanlar, ýaşaýşyň hakykatyny agtaryp dünýäň dürli künjeklerini saýyl bolup söken derwüşler, haky yzarlap ähli ýol we ýodalary ýöräp çykan galandarlar şeýle rowaýat ederler welin: Irki döwürlerde türkmeniň parahat ýaşaýan gözel bir obasy bardy. Ol obada Meret atly bir pälwan ýaşardy.

Merediň Polat diýen ýanbermez we zahmetkeş bir ogly bardy. Gyrk ýaşyna golaýlan Polat indi on ýyl bäri dädesine öýlenjek diýip haýyş ederdi. Meret pälwan bolsa şonça ýyllaň dowamynda güýmeň-süýmeň edip, nämedir bir sebäpden ogluny güýmäp, onuň toýuny gijikdirip ýördi. Bir gün Meret pälwan dyzyny iki eli bilen gujaklap, zeýrenip otyrdy.

 

Meret: Ah Gurbanlyk-da geldi. Özüme, aýalyma iki baş gurbanlyk çalmaly. Goýunyň bahasy bolsa gyzyň bahasyndan geçdi. Hudaýa şükür şu oglumyz Polat jan häzir oýlenenok! Ýogsam dört baş gurbanlyk çalmaly boljak. Aý boý, pamygyňda pagta galmady Meret pälwan! …

 

Rawy: Diýende, ogly Polat bir ýyl işläp üýşüren puluny bir akja halta dykyzja dolduryp, bagtymy ýene bir gezek synaýyn diýip, gapydan girdi.

 

Polat:

Bizden salam däde jan!

Aýally, aýalsyz parhy kimdedir?

Ol ne söýgi gondy meniň serime,

Onuň gonar-gonmaz erki sendedir.

 

Meret: Düşündim, düşündim, erk-merk diýip durma!

 

Rawy: Polat dädesiniň päliniň puçdygyny aňlap eline dutaryny alyp bir gazal aýtdy, Meret pälwan bolsa oňa jogap berdi:

 

Polat:

Garryp bilim büküldi,

On iki süňküm söküldi,

Akja dişlem döküldi,

Sen meni öýer däde jan!

***

Üç müçäni ýaşadym,

Basym gyrkdan aşadym,

Öýlenmesem çaşadym,

Sen meni öýer däde jan!

 

Meret:

Häzir ekin bitenok,

Işlän puluň ýetenok,

Daýyň-da pul gatanok,

Bu ýyl toý ýok han ogul.

 

(Jübülerini görkezýär)

Munda pul ýok,

Munda-da pul ýok,

Saňa toý ýok jan ogul.

Bu ýyl toý ýok han ogul.

 

Rawy: Poladyň paltasy ýene bir gezek daşa degip, jany ýanyp, uzakdan dem alyp, ýürekden bir AH çekdi. Poladyň bu çeken ýangynly ahyndan daglaň daşy söküldi, deňizler çaýkanyp suwy döküldi. Baýlaryň ekini-harmany ýandy. Hiç zady bolmadyk garyplaryň hem ýüregi ýandy. Ýurda gul-gula düşdi, boldy bir gopgun. Bu gürrüň baryp padyşaň gulagna ýetdi. Padyşaň ýüregine howp düşdi,gorky düşdi. Gorkudan oň ýüregi tas ýerinden süýşdi. Ol wezirini “Bu meseläni çözüp gel!“ diýip, Meret pälwana tarap ugratdy.

 

(Gapy kakylýar)

Meret: Açykdyr, geliber!   (Meret weziri görýär)   Oho Wezir aga gözümiz aýdyň! Biz garybyň öýüne Siziň ýoluňyz nädip düşdi?

 

Wezir: Meret pälwan ýurdy heläk edipdirsiň diýip gulagymyza ýetdi.

 

Meret: O nähili?

 

Wezir: Ogluňy öýereňde bolmaýamy? Ile gürrüň bolup ýöň! Sebäbi näme oň? Padyşamyz meni şoň sebäbini bil diýip iberdi. Eger-de bizi gandaryp bilmese  ony jellada tabşyr diýip aýtdy.

 

Meret: Hä… . şeýle diýsene. Wezir agamyz ýönekeý ýerden biziň gapymyzdan gelmez diýib-ä çak edýärdim. Sebäbini biljek bolsaň onda diňle! Aman çaýşygyň toýunda Mämet päwessek bilen uly göreşe çykdyk. Şonda men ony ýanbaşyma alyp, sol gerşini ýere uramda kesgitçi çal degdiňiz diýip ikimizi deň çykardy. Ol namart-da ýykylanyny hiç boýun almady. Şeýle namart bilen men guda-garyndaş bolup  ganymy garyşdyrjak däl.

 

Wezir: Bä… . elli ýyl mundan öň bolup geçen bir göreş jedeliniň salan ýarasy diýsene. (Höküm berýär:)  Päliňden gaýt Meret pälwan! Ýogsa bu meseläni Padyşaň emri bilen jellat çözmeli bolar.

Meret: Höküm şeýle diýsene. Onda men bir görnüşinde ylalaşaryn. Eger Mämet päwessek şol toýda ýykylanyny boýun alsa, onda toý tutsa bolar. Eger-de boýun almasa onda meniň boýnum gyldan inçedir.

 

Wezir: Beýle bolsa men Mämet pälwan bilen bir gürrüň edip geleýin. (Çykyp gidýär)

 

(Zamanyň geçenini bildirýän azajyk Muzikdan soň wezir ýene sahna girýär)

 

Wezir: Meret pälwan toýa taýýarlyk görüberiň! Mämet pälwan bilen gürrüň etdim. Bu köne jedeliňiz bilen ýaşlaryň arzuwyny ýakmaň diýdim. Aşy ajygana ber, gyzy aşygyna diýipdirler diýdim. Onda ol: Meň bu jedelden asyl habarym ýok, Meret pälwan öz-özünden öýkeläp ýören-ow diýdi. Eger-de meň sözüm bilen ýaşlaryň arzuwy bitjek bolsa, onda bar men şol toýda ýykyanymy boýun alýan diýdi.

 

Meret: Gözümiz aýdyň!   Polat jan, bar bagşyňy, sazandaňy çagyryber. Öýümiz, ýurdumyz toýa ulaşsyn! Bütin ili çagyryp saňa ýedi günlik bir toý tutaýly oglum!

 

(Rol oýnanlaryň bary bilelikde muzik bilen aýdym aýdýarlar )

 

Toýuma gel, toýuma

 

{Bu gün meniň toýum bar,  Toýuma gel, toýuma.}  (1)

 

Toýa barsaň doýup bar,

Toý donuňy geýip bar,

Ownuk-döwnük gepiňi,

Öz öýüňde goýup bar.

(1)

 

Gyzlar gelýär toý bar diýp,

Ýarymyň toýy bar diýp,

Assa ýörip, kän ardyp,

Toýuma gel, toýuma.

(1)

 

Görüň meniň ýarymy,

Hemme gyza baş bolup,

Arasynda göz kakyp,

Meniň ýüregmi ýakyp,

(1)

 

Soňy

(13.09.2015 de TKO-nyň teater toparynyň arkadaşlygynda ýazyldy)

 

 

 

 

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: