قالب وردپرس

October 24, 2020

Islärin

Islärin

Kerem etseň, kadyr alla,

Dünýälikde at islärin.

Talygym¹ ukuda galmyş,

Bir açylgan bagt islärin.

***

Ýoksullyk bir ýaman ýoldur,

Pakyr menem, golum galdyr,

Halal ryzk, bir kesp bildir,

Kimýa² atly ot islärin.

***

Ýalan dünýäde ýörmäge,

Döwlet ber, aşret sürmäge,

Ömür ekläp, gün görmäge,

Segsen ýyl pursat islärin.

***

Pyragy, yşka ugraşdym,

Derýa girdim, möwje³ düşdüm,

Hor galmasyn puştdan-puşdum

Berkarar döwlet islärin.

******

1  Talyg- täleý, ykbal.

2  Kimýa- alhimiýa

3  Möwç- tolkun

 

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: