قالب وردپرس

October 29, 2020

“ISKENDERIŇ ŞAHY BAR”

“ISKENDERIŇ ŞAHY BAR”

Rowaýat- (Taryhy şahslar, wakalar bilen baglanyşykly erteki häsiýetli hekaýalara rowaýatlar diýilýär.)

 

Iskender Zülkarneýniň maňlaýynda şahy barmyş, emma ony halkdan gizläp saklarmyş. Şonuň üçin, şahynyň barlygyny hiç kime aýtmaz ýaly, onuň saçyny syryp, syryny bilen adamy ýok edermiş.

 

Bir gün onuň saçyny bir ýaş ýigit syrmaly bolupdyr. Iskender ony öldürmäge dözmän, şahynyň barlygyny hiç kime aýtmazlyk hakda ant içdirip, ony goýberipdir. Ol ýaş oglan bu syry içinde uzak saklap bilmändir. Çöl meýdandaky bir guýynyň agzyndan seredip, “Iskenderiň şahy bar.” diýip gygyrypdyr. Şondan soň gurruk guýynyň içinde bir gamyş gögeripdir. Bir çopan ol gamşy kesip alyp, ondan bir tüýdük ýasapdyr. Şol gamyş haçan-da çalnanda tüýdük dilinde: “Iskenderiň şahy bar.” diýermiş.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: