قالب وردپرس

September 19, 2020

IŇ KÖP ÝAZYLÝAN HARPLAR

IŇ KÖP ÝAZYLÝAN HARPLAR

IŇ KÖP ÝAZYLÝAN HARPLAR

Ýazuwda türkmen harplarynyň haýsylary iň köp gabat gelýar?

Şeýle bir soragyň jogabyny tapmak üçin biz bäş (5) sany ady belli türkmen kitaplarynyň her birinden bäş ýüz (500) harpdan ybarat bolan bölekleri alyp, barlagdan geçirdik. Ol kitaplar şulardan ybarat:

1-“Japbaklar”, Berdi Kerbaba, Saýlanan eserler, Aşgabat 1992.

2-“Şükür bagşy”, Nurmyrat Saryhanow, Aşgabat 1961.

3-“Perman”, Ata Gowşudow, roman, Aşgabat 1989.

4-“Gökdepe galasy”, Nurgylyç Hojageldiýew, Aşgabat 1991.

5-“Besdir”-Oýlanma baýry, Kerim Gurbannepes, 1995

Barlag üçin ilki haýsy harpyň her bir bölekde naçe gezek duş gelýändigini ýazyp, soň bolsa olaryň toplumyny 2500-e böldük we şeýdip her bir harpyň ýüzde näçe gezek (% ) gabat gelendigini hasapladyk.

Ilkinji giriş hökmünde geçirilen bu barlagyň netijeleri:

1- A (12 %),  2- E (7.48 %)  ——- G (4.04 %),  F (0 %),  Ž (0 %)

– “A” Türkmen dilinde (ýazuwynda) iň köp ulanylýan harpdyr. “A” 2500 harpyň içinde 300 gezek gabat geldi. (12 %)

– “E” harpy ikinji orny eýeledi.

– “G” iň köp sözleri başlasa-da, sözleriň içinde kän gabat gelmeýär(4.04 %).

– “F” harpy ýekeje gezek duş geldi we “Ž” düýpden ýokdy.

Ýeri gelende aýtsak, türk ýazuwynda hem (türkmençede bolşy ýaly) birinji ýeri eýeleýän “A” we ikinji ýerde durýan “E” harpydyr.

Aşakda barlagdan geçen tabelläniň doly görnüşi.

Suratlar ENE DILIM.com saýtyndan alyndy.

Harp 1-nji 2-nji 3-nji 4-nji 5-nji   Toplam     %
A 71 70 47 64 48   300    12
E 31 32 41 40 43   187    7.48
Ä 2 1 4 5 5     17    0.68
I 41 37 21 34 29   162    6.48
O 13 21 14 16 8     72    2.88
Ö 9 7 2 8 10     36    1.44
U 5 8 23 10 14     60    2.40
Ü 5 6 8 5 12     36    1.44
Y 34 36 40 28 29   167    6.68
B 27 18 18 12 18     93    3.72
Ç 5 3 6 5 10     29    1.16
D 25 31 24 20 32   132    5.28
F 1       1    0.00
G 17 23 27 23 11   101    4.04
H 4 2 12 6 5     29    1.16
J 7 3 6 3 4     23    0.92
K 15 7 9 14 20     65    2.60
L 31 31 37 30 26   155    6.20
M 11 9 18 7 26     70    2.80
N 27 38 33 33 22   153    6.12
Ň 11 8 6 13 14     52    2.08
P 15 9 8 16 5     53    2.12
R 40 32 22 43 32   169    6.76
S 15 13 17 11 13     69    2.76
Ş 5 5 15 5 16     46    1.84
T 9 10 10 20 14     63    2.52
W 1 1 6 5 4     17    0.68
Ý 18 22 19 19 19     97    3.88
Z 6 17 7 4 10     44    1.76
Ž      –    0.00

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: