
22-nji September (1-nji Mehr) Türkmensahrada hem mekdepleriň täzeden açylyp, täze okuw ýylynyň başlanýan günüdir.Şeýle bir günde, biz on müňlerçe şirin-şeker ogul-gyzlaryň ylym we bilim üçin göterýän aýgytly ädimlerini, ylaýta-da 6-7 ýaşyny dolduran zürýatlaryň mekdebe basýan ilkinji ädimlerini tüýs ýürekden gutlap, uly üstünliklere we beýik ylmy derejelere ýetmeklerini arzuw edýäris.