قالب وردپرس

October 25, 2020

IKI ÝERDE DOGLAN PYRAGY

IKI ÝERDE DOGLAN PYRAGY

Türkmen halkynyň taryhynda Türkmen Sowet Ensiklopediýasynyň ýazyp bitirilen iň uly işdigine ikirjiňlenip bolmaz. Onda ýüzlerçe taryhçy, ýazyjy, şahyr, suratçy we ýene ş.m. uly adamlarymyzyň zähmeti bir ýere toplanypdyr.

Elbetde, ensiklopediýanyň ýazylmagyndan esasy maksat sosýalistik sisteminiň kapitalizme görä bolan artykmaçlyklaryny görkezmek bolupdyr. Ýöne, şeýle bir uly maksat göz öňüne alynsa-da, onda goýberilen käbir säwlikler bizi hem haýran galdyrýar.

Muňa mysal onuň Magtymguly Pyragynyň doglan ýeri hakda ikirjiňlenmesidir. TSE-nyň  5-nji kitabynda beýik şahyrymyza bagyşlanyp iki sahypada ýazylan bir makalaň içinde (makalaň başynda we soňunda) Pyragynyň iki ýerde dogulandygy ýazylýar:

-Magtymguly Etrek derýasynyň boýunda Hajygowşan diýen ýerde ylymly-bilimli maşgalada eneden bolýar. (284-nji sahypa)

-Aşgabatda we şahyryň doglan ýeri bolan Garrygala raýonynyň Gerkez obasynda Magtymgulynyň ýadygärligi bina edildi. (286-njy sahypa)

Ýiti ylmy we tankyt gözünden geçmedik, säwlik we ýalňyş goýberilen işleriň adamlaryň ünsüni çekip, olara ynandyryjy bolup bilmez diýen düşünje ýalňyş bolmasa gerek.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: